Gadymy medeniýetiň beýany

13 Noýabr 2024
225

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan geçmişde yz galdyran taryhy ýadygärlikler, halkyň baý milli mirasy, tebigat täsinlikleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler öz beýanyny tapýar. Şeýle gymmatly ýadygärlikleriň içindäki Seýit Jemaleddin metjidiniň taslamasy hem türkmeniň buýsançly geçmişini özünde jemleýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bu taryhy ýeriň ýaşaýyş medeniýetiniň has irki döwürleri, saklanyp galan ýadygärlikleri barada gyzyklanmalar has-da artdy. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindäki Seýit Jemaleddin metjidiniň taslamasy bu ýere gelýän adamlaryň ilkinji tanyşýan gymmatlyklarynyň biri. Metjidiň girelgesindäki (potalynda) syrçaly nagşynyň we onuň üstündäki arap ýazgysynyň, şonuň ýaly-da aždarhalaryň şekilleri nepisligi bilen haýran galdyrýar. Asyl ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ýokary ussatlygynyň we şol döwrüň binagärliginiň ösüşiniň subutnamasy bolupdyr.

Käkilik ÖWEZBERDIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.