Şatlyga besleýip ojak-öýleri, hoş gelipsiň, arzuwlaryň baýramy!

1 Ýanwar 2021
2170

Welaýat merkezinde 2020-nji–— Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany ýylymyz bilen, hoşlaşyp ony taryha ugradyp, täze — 2021-nji —–Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylamak dabarasy boldy. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdança baýramçylyk röwşünde bezelip, Täze ýyl arçasynyň dürli reňkdäki yşyklary bu ýere gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Hemmeleriň, aýratyn-da çagalaryň uly söýgi bilen garşylaýan baýramy bolan Täze ýyl köňüllerde ruhubelentlik duýgusyny oýardy. Çünki, Täze ýyl — sowgatlaryň baýramy, Täze ýyl —–maşgala baýramy, Täze ýyl — süýji arzuwlaryň baýramy. Arçanyň dürli öwüşgindäki yşyklary şäher merkezine has-da üýtgeşik bezeg berdi. Baky bagtyýarlygyň senasy bolup ýaňlanýan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasyna şowhun çaýdy. Aýdymlarda parahat, asuda, eşretli, bagtyýar durmuşymyzyň, gözel Diýarymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň waspy ýetirildi.

Şeýle ýatdan çykmajak şatlyga beslenen pursatda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda guralan teleköprä biziň ildeşlerimiz hem goşuldy. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, şeýle-de, kalplary şatlykdan püre-pür baýramçylyk lybasyndaky ýaş nesillerimiz gözel Diýarymyza, her bir öýe bagt, şatlyk, gülki, rysgal-döwlet getirjek Täze ýyla bolan buýsanç duýgularyny, şeýle ajaýyp durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.