Aňasty güýç

13 Noýabr 2024
297

Adam beýnisinde aňasty güýjüň bardygyny, belki, hemmämiz bilýän hem däldiris. Muny amerikaly ýazyjy, psiholog Jozef Mörfin subut edip, özüniň ýörite «Aňasty güýç» atly kitabyny hem ýazýar. Kitapda, hakykatdan-da, aňasty güýji bilen birnäçe kynçylyklary we keselleri ýeňip bolýandygy barada gyzykly maglumatlar berilýär.

Kitapda bellenilişi ýaly, ähli döwürleriň ägirt şahsyýetleriniň iň uly syry aňasty güýçleri bilen baglanyşyp gurup bilmegindedir. Muny siz hem edip bilersiňiz.

Taýýarlan Hatyja ÖRÄÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.