Ömrüni dowar malynyň yzynda egri taýagyny elinden goýman geçiren çopan gojalaryň biri dowar malynyň ýedi haýryny sanap berdi. Asyl dowar malynyň ýedi zady — eti, süýdi, ýüňi, derisi, içegesi, şahy, ýarysy (iki aýagynyň arasyndaky derisiniň tüýsüz ýeri) adama haýyr berýän ekeni.
Goýun-geçiniň etiniň, süýdüniň nämä ulanylýanyny gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Goýnuň ýüňüniň, geçiniň çöpüriniň hem dürli maksatlar üçin ulanylýandygy hemmä mälim.