Milli terbiýede görelde mekdebi

8 Noýabr 2024
259

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Türkmen halkymyzda “Akyl ýaşda däl, başda” diýen parasatly söz bar. Munuň özi milli terbiýäni has ir başlamalydygyny aňladýar. Ýaş çagalarymyzy, nesillerimizi başdan terbiýeli edip ýetişdirmek, olaryň aňyna diňe oňat häsiýetleri siňdirmek biziň borjumyzdyr. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä, ömri bilen ömürdeş boljak hünäri saýlamagynda ata-enäniň, mugallymyň tutýan orny uludyr. Höwesli, irginsiz, yzygiderli zähmet çekmek, işlemek arkaly hünär eýesi bolunýar. Käri, hünäri birkemsiz ele almakda halypanyň, ussadyň goldawy, öwüt-nesihaty, bilimi aýratyn zerurdyr. Yhlas bilen saýlan käriňi düýpli ele alaňsoň, eden işiňden, döredýän eseriňden, sungatyňdan, işiň gözelliginden, kämilliginden lezzet alýarsyň, seriňi ýakymly duýgular gurşap alýar.

Gülnara KABULOWA,
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.