Balyk we deňiz önümleriniň girdejisi şu ýyl 676 milliard amerikan dollaryndan geçer

10 Noýabr 2024
255

«Statista»* kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda dünýäde balyk we deňiz önümleriniň önümçiliginiň girdejisi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlanyp, 676,2 milliard amerikan dollary töweregi bolar. Analitikleriň seljermesine laýyklykda, golaýdaky 5 ýylyň dowamynda balyk we deňiz önümleri bazarynyň ýyllyk ösüşi ortaça 6,54 göterimden ybarat bolar. Bu bazaryň girdejisiniň agramly bölegi Hytaýa degişli bolar (2024-nji ýylda 97 milliard amerikan dollary). Bu görkezijini ilat sanyna böleniňde adam başyna 87,3 amerikan dollaryndan düşýär. Hytaýdan soňra Hindistan, Ýaponiýa, ABŞ we Indoneziýa barýar.

2024-nji ýylda balyk we deňiz önümleriniň satuwy dünýä boýunça adam başyna 4,9 kilogramdan düşer diýlip çak edilýär. 2028-nji ýylda bolsa balyk we deňiz önümleriniň tebigy agramy 42,8 million tonna barar.

Sahypany taýýarlan:
Aýgül AŞYRMÄDOWA, «Biznes reklama» gazetiniň jogapkär kätibi.