Türkmeniň toý saçagyna almadyr nar, armytdyr garaly, üzüm ýaly miweler aýratyn gelşik berýär. Şeýle önümleriň terligi, göze ýakymlylygy, tagamynyň süýjüligi seni dessine özüne çekýär. Şonuň üçin olara bada-bat eliňi uzadanyňy duýman galýarsyň. Ine, şeýle behişdi önümler bilen Hasyl toýunyň saçaklaryny bezeýän lebaply bagbanlar hem bu baýrama mynasyp sowgatly geldiler. Olaryň jemi 50-ä golaý görnüşli miweleri, 12 görnüşli üzümleri bu gün halkyň saçagyny bezeýär.
Baldan datly miweleri ýetişdirýän bagbanlaryň arasynda Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasyndan Agamyrat Hatamow, Dänew etrabynyň Isbaz obasyndan «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupow, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinden Akmyrat Töräýew dagy hem bar. Olar diňe bir miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, miweleri çaknyşdyrmak arkaly täze-täze sortlary döretmek işlerini-de alyp barýarlar. Bagbançylyk ugrundan Russiýa Federasiýasynda okap, ýokary bilim alan Akmyrat Töräýew daşary ýurtlarda bitýän miweleriň iň oňat görnüşlerini ýörite gidip getirip, ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek işini alyp barýar. Onuň Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndan getiren «Awatar», «Nelloin» görnüşli içi çigitsiz üzüm, Italiýadan getiren gara erik, Fransiýada we Moldowada bitýän «UFO-4» görnüşli şetdaly we ABŞ-nyň «Berbanik» atly, garaly berýän agaç nahallaryndan önen miweler bu gün türkmeniň saçagyny bezeýär. Tejribeli bagbanyň göreldesine eýerip, onuň goňşusy Atajan Babanazarow hem hurma bagyny döretdi. Onuň garaşyk edýän bir gektara golaý bagynda hurmanyň dört görnüşi bolup, olar indi birnäçe ýyldan bäri hasyl berýär. Olaryň her düýbi 200 — 250 sany miwe eçilýär. Gyzyl, sary reňkli, iýseň tagamy agzyňdan gitmeýän hurmalar hem azyklyk, hem-de dermanlyk häsiýete eýe.