“Daýhanbank”: döwrebap hyzmatlaryň gerimini giňeldip

8 Noýabr 2024
305

Türkmenistanda alnyp barylýan oňyn pul-karz syýasaty esasynda bank ulgamynda täze sanly bank hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ornaşdyrylýar we raýatlara yzygiderli hödürlenilýär. Sebäbi adam üçin iň gymmatly zatlaryň biri wagtdyr. Bank ulgamynyň sanly hyzmatlaryndan peýdalanyp, her bir raýat öz wagtyny tygşytlap bilýär. Bu, öz gezeginde, ulgamyň işini kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işleriň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde, bankyň özüniň we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip, gerimi has-da giňeldilýär. Bank tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine 4,5 milliard manat, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bölegine we raýatlara 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda, raýatlara şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri berilýär. Ýanwar — oktýabr aýlarynda şu babatda raýatlar üçin 1,1 milliard manat möçberinde karz serişdeleri goýberildi.

Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hünärmeni.