Yhlasyň, zähmetiň baýramy

7 Noýabr 2024
267

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulan güni — geçen ýylyň 3-nji noýabry halkymyzyň hakydasyndan hemişelik orun aldy. Dabaranyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibi goldamagy bu pudaklaryň täze taryhynyň başyny başlady. Ine, bu ýyl bolsa Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän täze baýram — Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek uly dabara bilen bellenildi.

Bu pudaklaryň işgärleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýandyklary hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Gutlagynda hem aýdylýar. «Häzirki döwürde gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär» diýlen sözler bu pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyza indiki belent sepgitlere ýetmekde täze joşgun bagyş etdi.

Nurana ORAZMUHAMMEDOWA,
Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.