Syýahatçylyk: tagallalar, şertler, mümkinçilikler

7 Noýabr 2024
330

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu ugurdaky özgertmeleriň maksady döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşmaga, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna agza ýurtlar bilen syýahatçylyk boýunça gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň işini dolandyrmakda kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan ugur alynýar. «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça hem Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi tarapyndan iş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa pudagyň işiniň maksatlaýyn esasda dolandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň ýeke-täk milli syýahatçylyk «brendini» we «şygaryny» işläp taýýarlamak üçin bilermenler derejesinde pudagara iş topary döredilip, oňa degişli hünärmenler gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýeke-täk milli syýahatçylyk «brendiniň» birnäçe taslama görnüşleri taýýarlanyldy.

Gülşat BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary.