Ykdysadyýetiň ygtybarly daýanjy

6 Noýabr 2024
241

Halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we milli däp-dessurlarynyň özboluşly sazlaşygyny düzýän Hasyl toýunyň milletimiziň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, halallygynyň özboluşly waspyna öwrülýän günlerinde welaýatymyzyň babadaýhanlary hem ýyly netijeli jemleýärler. Oba hojalyk ýylynyň jemini jemläp, ekerançylarymyzyň yhlasly zähmetini, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýan Hasyl toýy ýetip geldi. Biz ýurdumyzyň gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň mekanydygyna buýsanýarys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe topraga aýawly garamak täze many-mazmuna eýe bolýar, oba zähmetkeşleri kämil we kuwwatly häzirkizaman oba hojalyk tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde dünýäniň we ata-babalarymyzyň ekerançylyk tejribelerinden ýerlikli peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň mynasyp dowam etdirýän obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriniň esasynda ulgamy tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar, ata-babalarymyzyň ýeri oýlanyşykly peýdalanyşlary baradaky köp asyrlyk tejribeleri bilen sazlaşykda işjeň durmuşa geçirilýän innowasiýalar oba hojalygyny çalt ösdürmäge oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän yzygiderli döwlet goldawlary pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň kuwwatly ykdysady binýadyny berkidýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.