Ekologiýa howpsuzlygy — sagdynlygyň kepili

6 Noýabr 2024
341

Döwletimizde tebigaty goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we arassa saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler halkymyzyň sagdyn durmuşy baradaky aladadan gözbaş alýar. Şonuň üçinem tebigaty goramak we baýlaşdyrmak maksady bilen, her ýyl dürli bag nahallary oturdylýar hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Milli we döwlet maksatnamalarynda hem daşky gurşawy gorap saklamaklyga möhüm mesele hökmünde garalýar. Şol nukdaýnazardan, dürli taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýa talaplary berk berjaý edilýär. Tebigaty goramaklygyň, ekologik abadançylygy üpjün etmekligiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda kesgitlenilýär. Olaryň maksady hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Ekologiýa howpsuzlygy hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolaýjak ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygynyň ýagdaýydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmagy hem-de amatly daşky gurşawy döretmek we gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak boýunça umumadamzat bähbitli başlangyçlary, teklipleri öňe sürmegi  munuň subutnamasy bolup durýar.

Handurdy ÝEGENMÄMMEDOW,
Etrek etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.