Üns beriň, bäsleşik!

6 Noýabr 2024
368

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli» diýen sözlerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş mugallymlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny we Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaş mugallymlaryň arasynda «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige Balkan welaýatynyň orta mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan, ýaşy 35-e çenli bolan ýaş mugallymlary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän eserlerde Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ösüşi, baky Bitaraplygymyzyň gymmaty we tarypy buýsanç bilen beýan edilmelidir. Bäsleşige gatnaşýanlar özleri baradaky maglumatlary (adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, işleýän ýerini, wezipesini, telefon belgilerini we ýaşaýan salgysyny) doly görkezmelidirler.