«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024
Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň milli buýsanjy, umumadamzat şahyry, ynsan kalbynyň ruhy lukmany. Şahyryň ynsan ömri, mertebesi, adamkärçilik, hoşniýetlilik baradaky özboluşly pikirleri her bir adamy durmuşdaky öz borjy hakynda oýlanmaga mejbur edýär. Şonuň üçin hem akyldaryň pähim-parasatdan ýüki ýetik çuň manyly şygyrlary köňüllerde inçe duýgulary oýaryp bilýänligi bilen beýiklige göterilip, umumadamzat medeni-ruhy hasynasynda müdimi orun aldy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten müň dürli öwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, şahyryň şirin mazmunly şygyrlary her bir adamda, ylaýta-da, ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgularyny terbiýelemekde, ösdürmekde dury akaba, ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.