Kakam hakynda bir zatlar ýazasym gelip, ýüregim atygsap duransoň, şu makalama başladym. Kompýuteri açyp, ýazyp başlanymdanam, ýüregimden bokurdagyma dykylyp, aýdylmaga häzirlenip duran sözler biri-birinden howlugyp, setir-setir düzülmäge durdular. Ýüregimiň dünýämi ýaňlandyryp duran pyşyrdylaryny ýazmaga elim ýetişse, zor boldugy. Ýazyp otyryn, ýazyp otyryn. Makalany jemlemäge çak bolandygyny bilsemem, nokat goýup bilemok. Ahyry ýüregimi bire bagladym-da, boldum etdim. Seretsem, iki sahypadan gowrak makala bolupdyr. Hamana, bu iki-üç sahypalyk makala meniň kakama bolan söýgimiň ölçegi ýaly, ýüregim gaty-gaty gürsüldedi. Heý, oňa-da ölçeg ýetermi?! Derrew özümi ele aldym-da, ýene özüme ýüzlendim: «Bu, häzirlikçe şeýle. Men, nesip bolsa, kakam hakyndaky ýatlamalarymy wagtal-wagtal dowam edip duraryn».
Öz ýanymdan ýüregimi rahatlandyrjak göwnejaý jogap tapandygyma begendim. Aslynda, durmuşda her bir ýagdaýdan mynasyp baş alyp çykmagy, nähili sorag berlende-de aljyraman, degerli jogap bermegi başarmagy kakamyň özi öwredipdi...