Kitap — hazyna

30 Oktýabr 2024
334

Ýurdumyzda giňden dabaralanýan beýik işleriň hemmesi ynsan saglygy baradaky aladadan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitabynyň 16-njy jiltiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Ynsan saglygyny baş baýlyga deňeýän berkarar döwletimizde sagdynlyk we ruhubelentlik durmuşyň asylly kadasyna öwrüldi.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitap her bir adam üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gollanmadyr. Kitabyň her bir sahypasy melhemlik ösümlikleri baradaky baý ylmy maglumatlaryň hazynasy. 16-njy jiltinde 106 sany öň öwrenilmedik we halk lukmançylygynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan endemik ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem, bu ajaýyp eseriň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegidir, çünki onuň okyjylary giň halk köpçüligidir. Kitapda tebigy baýlyklarymyzyň owadan reňkli fotosuratlar bilen göwnejaý bezelmegi has-da ünsüňi çekýär. Kitabyň öňki jiltleri hem dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy. Ýurdumyzda-da lukmançylygyň dürli ugry boýunça hünärmenleriň gollanmasyna, ýankitabyna öwrüldi.

Ogulbaýram GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.