Okuwçylarda el işlerine gyzyklanma döretmek

29 Oktýabr 2024
494

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde gyzlar gurnaklary hereket edýär. Bu gurnagyň üsti bilen okuwçy gyzlarymyza el işlerini doly derejede öwretmäge mümkinçilikler bar. Keşde çekmek, haly dokamak örän inçe sungat bolup, nesilden-nesle geçip, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Keşdeçilik we halyçylyk sungaty türkmen halkynyň gadymy el işleriniň biri bolup, türkmen gelin-gyzlarynyň çagalykdan imrinip sarpa goýýan işleridir. Munuň ähmiýetini okuwçy gyzlarymyza düşündirýäris. Keşdelere we halylara salynýan nusgalaryň, gölleriň atlary, olaryň häzirki döwrümiz bilen bagly taraplary barada hem gürrüň berýäris.

Halk döredijiligimiz ene dilimiziň baýlaşmagyna, ösmegine, diliň has kämilleşmegine, çeperleşmegine täsir eden bolsa, bäş barmagynyň astyndan çykýan keşde nagyşlarymyz, haly göllerimiz inçe sungatymyzyň dünýä ýaň salmagyna ýardam edipdir. Dürli milli oýunlarymyz arkaly gyz balasynyň aňynyň ösüşini üpjün edýän terbiýeçilik bilen, bir hatarda, öwredijilik, ösdürijilik täsirleri hem göz öňünde tutulýar. Okuwçy gyzlarymyz bilen el işini ýerine ýetirýän pursatlarymyzda halk döredijilik eserlerinden hem peýdalanýarys. Özara oýunlary oýnaýarys. «Ýumak» oýunlar biri-biriniň dowamy bolmak bilen, türkmen halkynyň gadymy ýaşaýyş-durmuşy, adamyň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklylygyny görkezýänligi, haly sungatyna söýgini ösdürýänligi bilen tapawutlanypdyr. Oýunlaryň üsti bilen tebigatdan alynýan reňkler, ýüplükler bilen okuwçylarymy tanyşdyrýaryn. Her reňkiň nirede ulanylýandygy, olaryň aňladýan manysyny öwredýäris. Bu oýunda her bir okuwçy gyzymyz ýumagyň ornunda çykyş etmek bilen, öz reňkini, dokma işi bilen baglanyşyklydygyny beýan edýär. Gyzlar ýumak saramak bilen hem-ä el hereketlerini işjeňleşdiripdirler hem-de reňkleri tapawutlandyryp bilmegi, haly dokalýan gurallaryň haýsysynyň nirede ulanylýandygyny öwrenýärler. Haly dokamaly bolanda-da, keşde çekmeli bolanda-da, biçip-tikmek işlerinde-de türkmen gyz-gelnine taý bolmandygy barada, ene-mamalarymyzyň milli mirasy barada aýdýarys. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejemiziň elinden çykan kürteleriň, beýleki el işleriniň hemmelere nusgalykdygy hakynda hem okuwçy gyzlarymyza gürrüň berýäris.

Aýjahan BABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.