Bilim — röwşen geljegiň açary

29 Oktýabr 2024
507

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Durmuşymyza iň täze maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň ylmy maglumatlar gorundan peýdalanmaga amatly şertler döredilýär.

Bilimi jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde bilimli, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek meselesine uly üns berilýär. Milli we halkara ders olimpiadalarynda, abraýly ylmy bäsleşiklerde ýeňiş gazanýanlaryň arasynda ýaş watandaşlarymyzyň sanynyň barha artmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bilim hyzmatlarynyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde halkara tejribeden ugur alynýar.

Gurbanjemal HOJAMUHAMMEDOWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.