Telekeçiler ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelip, olar hususy pudakdaky özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda köpugurly işleri alyp barýarlar. Olaryň tagallasy bilen Diýarymyzda täze hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri işe girizilýär. Işewürleriň öndürýän egin-eşikleri we aýakgaplary ildeşlerimiziň ösen isleglerini kanagatlandyryp, daşary ýurtlardan getirilýän şunuň ýaly önümleriň ornuny tutýar. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly önümleri halka hödürleýän hususy kärhananyň işleri hem munuň aýdyň mysalydyr.
— Aýakgabyň durmuşymyzda näderejede zerurdygyny aýdyp oturmak gerek däl. Baryp-ha gadymy döwürlerde-de adamlar gamyşdan örülen hem-de agajyň gabyklaryndan ýasalan dürli hili aýakgaplary geýipdirler. Adamzadyň aňy barha ösüp, aýakgaplar häzirki wagtda kämil derejä ýetdi. 2015-nji ýylda işe girizilen kärhanamyzyň önümçiliginiň hem agramly bölegi aýakgaplary öndürmäge ýöriteleşip, önümlerimiz tutuş ýurdumyzda ösen islegden peýdalanyp gelýär. Hususan-da, sport hem lukmançylyk, ýeňsesi açyk aýakgaplar ak bazarlaryň, söwda nokatlarynyň bezegi. Bulardan başga-da, mekdep okuwçylaryna niýetlenen torbalary hem öndürýäris. Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda gyzgalaňly dowam eden mekdep bazary möwsüminde bu babatda önjeýli iş alyp bardyk — diýip, kärhananyň işewürligi ösdürmek boýunça hünärmeni Mekan Orazdurdyýew gürrüň berýär.