Şöhraty äleme dolan

23 Oktýabr 2024
366

Köpasyrlyk şöhratly taryhy bolan halkymyz geçmişde umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen milli mukaddesliklerimiziň ençemesini döredipdir. Şolar dogrusynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, alabaýlarymyz göz öňüňde janlanýar. Akyllylygy, üşükliligi, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan bu itler halkymyzyň hemişelik ýoldaşyna, syrdaşyna öwrülipdir. Asyl, türkmeniň durmuşyny alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Ylmy çeşmelere salgylansak, ilki eldekileşdirilen haýwanlaryň biri alabaý itleri bolupdyr. Bu wepadar jandarlaryň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Alabaýyň iň gadymy keşbini Nusaý şabadalarynyň, ýagny, ritonlaryň ýüzündäki çeper bezeglerde synlamak bolýar. Jeýhun boýlarynda-da dürli ýyllarda alabaý itleri bilen bagly tapyndylar ýüze çykaryldy. Hususan-da, geçen asyryň ahyrlarynda Amul galasynda, Kerki etrabyndaky Mürzebeggala, Saýat etrabyndaky Hazarekdepe, Dänew etrabyndaky Araphana ýadygärliklerinde ýüze çykarylan itleriň terrakota heýkeljikleri alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu tapyndylar biziň eýýamymyzyň II — V asyrlaryna degişlidir diýlip çaklanylýar. Gymmatly tapyndylar häzirki wagtda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Geçirilýän ylmy barlag işleri alabaýlaryň döreýiş taryhyny has-da içgin öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.