Türkmen alabaýlary adamzadyň ilkinji dostlary bolan itleriň iň gadymy tohumlaryndan biridir. Gadymy döwürlerde sebitiň çarwaçylyk bilen meşgullanan halkyna öý-ojaklaryny, dowardyr beýleki mallaryny gorap saklamak üçin batyr we sak goragçy gerek bolupdyr. Şu maksat bilen itleri eldekileşdirmek has zerur bolupdyr. Şunuň özi, häzirki alabaý itlerimiziň adamlar tarapyndan ilkinji eldekileşdirilen it tohumlarynyň hatarynda bolmagyna şert döredipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda bu tohum itleriň örän gadymy döwürlerden bäri adamzadyň ilkinji goragçysy, dosty bolup, oňa bolan il söýgüsiniň halk sungatyna siňdirilendigi barada şeýle bellenýär: «Alabaýlaryň şekilleri we heýkeljikleri diňe bir gadymy obalarda däl-de, eýsem, antik we orta asyrlar eýýamlarynyň harabaçylyklarynda hem duşýar. Gäwürgalanyň (Mary welaýaty) tapyndylarynyň (miladynyň ilkinji asyrlary) arasynda çopan itleriniň terrakotadan ýasalan heýkeljikleri tapawutlanýarlar. Şol ýerde ala-ýaşyl palçykdan galyplanylyp ýasalan gaplaryň böleklerine hem gabat gelindi (II asyr), ol gaplaryň bölekleri gaşynyň üsti ýygyrtly, çürşük, dişleri syrtaryşyp duran, hüşgär gulakly uly itleriň sypatlaryny diýseň aýdyňlyk bilen görkezýär».
Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri, Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Jeýtunda, Pessejikdepe ýadygärliginde, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar (terrakotadan ýasalan it heýkeljigi, ystyhanlar, diwaryň ýüzüne çekilen it şekilleri) alabaýlaryň iň gadymy itleriň tohumlarynyň biridigini tassyklaýar.