Söz äleminiň ägirdi

16 Oktýabr 2024
430

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi dana şahyryň at-abraýyny belende götermekde, edebi mirasyny dünýä ýüzünde giňden ýaýmakda şan-şöhratly ýyllaryň biridir. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Älem içre at gezer» atly çuň paýhasly kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetine uly baha berýär we «Beýik Magtymgulyny dünýä beren türkmen halky öz akyldarlaryna, şahyrlaryna buýsanmaga doly haklydyr» diýip belleýär.

Watana söýgi, topraga buýsanç duýgulary kalbynda joş uran dana Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik, adamkärçilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdebe öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri bu gün agzybirligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasy hökmünde dünýä halklarynyň hakydasynda müdimi orun aldy. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip, ýurdumyzda ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary üstünlikli geçirilýär. Bularyň ählisi akyldar şahyrymyza bolan hormat-sarpanyň belent derejelere göterilendigini doly subut edýär.

Gözel ANNAGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.