Dereleri barly daglar

16 Oktýabr 2024
414

Magtymguly etrabynda ýerleşýän Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Goraghananyň çäklerinde ýerleşdirilen surat gapanlarynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän ýyrtyjy haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine, iýmitlenişine, köpelişine gözegçilik edilýär. Häzirki wagtda goraghananyň işgärleri tarapyndan ýabany haýwanlaryň gyş paslyndan abat çykyp bilmekleri üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýörite meýdanlardaky ammarlarda arpa saklanylýar. Şeýle hem ýazlyk otlaryň, ýorunjalaryň bedeleri, ýandak küdeleri ýygnalyp, ot-iým gorlary döredilýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, arça, dagdan, kerkaw, badam, pisse, endap ýaly ösümlikleriň tohumlary ýygnalyp, ýörite nahalhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Soňra bag nahallary oturdylyp, goraghananyň çägindäki tokaýlyklar giňeldilýär. Türkmenistanda diňe Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň günorta eňňitlerinde tebigy görnüşde gabat gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen türkmen selmelegine duşmak bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ösümligiňem tohumlary ýygnalyp, şitil edilip, ösmäge ukyply bolan meýdanlarda ekilýär.

— Biz — ylmy işgärler elmydama täze zatlaryň gözleginde gezýäris. Işgärlerimiz tarapyndan ýyrtyjy haýwanlaryň aýak yzlary yzarlanyp, ýaşaýan ýerleri anyklanýar, şol ýerlerde surat gapanlary gurulýar. Ýakynda goraghanamyzyň Çendir böleginde üç çagaly alajagaplaň hasaba alyndy. Onuň üç sany çagasynyň bolmagy iýmitiniň ýeterlikdigini görkezýär. Sebäbi alajagaplaň iýmit gytçylygy bolan halatynda ýeke, gaty gitse, iki sany çaga dogurýar.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».