Halkara olimpiadadaky üstünlikli çykyşlar

15 Oktýabr 2024
434

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça IV halkara olimpiada geçirildi. 36 döwletden 600 töweregi ýaşlar gatnaşan bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Halkara olimpiada daşary ýurtlardan gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan 56 talybyň arasynda türkmenistanly ýaşlaryň bäsleşigiň ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukuk, halkara gatnaşyklar ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklary bilen ýokary netije gazanandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Şunda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa ykdysadyýet ugry boýunça birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow maglumat howpsuzlygy, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa ykdysadyýet, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimow bolsa halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça ikinji orunlara mynasyp boldular.

(Ýörite habarçymyz).