Owadan hem peýdaly

9 Oktýabr 2024
453

Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň owadanlygy bilen görenleriň nazaryny özüne çekýän görnüşleriniň biri-de ýemşendir. Bu ösümlik örän berk bolup, uzak ýaşamaga ukyply agaçlaryň biridir. Dört metre golaý boýy bolýan ýemşeniň ýapraklary hatar-hatar, iki tarapy-da tüýjümekdir. Ýemşeniň gyzyl reňkli miwesi süýji tagamly bolup, ol sentýabrda bişip ýetişýär. Miwesini ýapraklary dökülip başlandan soň ýygsaň has-da tagamly bolýar.

Gyşda sowuga çydamly, tomsuna gurak howa durnukly bolan ýemşen agajy örän peýdalydyr. Ol giňişlik meýdanda gowy ösýär. Bu agajyň her düýbünde 50 kilograma çenli miwesi bolýar. Onuň miwesini kada laýyk kakatsaň, dermanlyk häsiýetini 8 ýyla çenli ýitirmeýär. Terje miwesinden mürepbe, şire suwuny taýýarlap bolýar.

Orazgül ŞANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.