«Ýyly suw» — derde derman şypahana

9 Oktýabr 2024
329

Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzyň tebigy çeşmeleriniň bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny goramakda ýurdumyzyň baý tebigy bejeriş serişdelerinden peýdalanmak barada aýratyn bellenilip geçilýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup hyzmat edýär. Olaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemek we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy babatyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksatlarynyň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, olaryň peýdalanylmagynyň esasynda bejerişiň guralmagy, keselleriň öňüniň alynmagy kabul edilen kanunyň esasy wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzdaky şypahana edaralarynyň bejeriş, öňüni alyş, saglygy dikeldiş çäreleri, ilatyň dynç alşyny häzirki zaman derejesinde guramak we geçirmek işlerini amala aşyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Öwlýaguly AMANOW,
«Ýyly suw» şypahanasynyň lukmany.