Iýmitlenmegiň möhüm kadalary

9 Oktýabr 2024
268

Iýmitlenmegiň möhüm kadalaryny berjaý etmek ynsanyň öz saglygyna goýýan sarpasydyr. Eger adam haýsy-da bolsa bir sebäbe görä kesellän halatynda, bejergi berhizini berjaý etse, onda keselden tiz wagtda saplanyp, onuň gaýtalanmazlygyny gazanyp biler. Aýratyn-da, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, şeýle hem horlukda, semizlikde berhiz saklamagyň ähmiýeti örän wajypdyr. Adamyň iýmitlenmeginiň onuň ýaşyna, çekýän zähmetine görä bolmagy, günüň dowamynda belli bir wagtda iýmitlenmegi, iýmitiň düzüminiň dürli bolmagy, ýokumlylygy we taýýarlanyş kadalarynyň dogry berjaý edilmegi ähmiýetlidir.

Iýmitlenmegiň kadalaryny bilmek diňe bir syrkaw däl, eýsem, sagdyn adamlar üçin hem wajypdyr. Iýmitlenmegiň möhüm kadalarynyňdyr dürli kesellerde peýdalanmaga niýetlenen bejeriş berhizleriniň dogry we öz wagtynda guralmagy hem-de geçirilmegi näsaglar bilen maşgala lukmanlarynyňdyr berhiz lukmanlaryň tagallalarynyň esasynda alnyp barylsa, onuň netijeliligi has-da ýokary bolar:

Maksat NURYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.