Il saglygy ileri

9 Oktýabr 2024
406

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-ulsumyzyň saglygy baradaky mesele döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň iň kämil enjamlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ähli sebitlerimizde we oba-kentlerimizde hem döwrebap saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri» merkezleri we köpugurly hassahanalar hereket edýär. Bular — ýurdumyzda il saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň anyk subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ynsanperwer ýörelgelere daýanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada durup geçmek bilen, ýurdumyzda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köpsanly çaganyň saglygynyň dikeldilendigini we bu ynsanperwer işiň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belläp geçdi. Döredilenine üç ýyl bolan gaznanyň amala aşyrýan sogaply işleriniň abraý-mertebe bilen dünýä dolmagy aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Bahtiýar KURBANOW,
welaýat saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň kardiolog lukmany.