Gazkondensatly akym alyndy

7 Oktýabr 2024
343

Ýakynda Gögerendag — Ekerem gaznebitli etrabynyň çäginde ýerleşýän Nogaý atly meýdançada gözleg-barlag burawlaýyşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Gürji Taganbaýewiň ýolbaşçylygynda taslama çuňlugy 2 müň 500 metr bolan 7-nji belgili guýuda tejribeli burawlaýjylar toparynyň ussatlyk bilen amala aşyran gazuw işleriniň netijesinde 2 müň 750 metr çuňlukdaky gyzyl reňkli gatlakdan gazkondensatly akym alyndy. Guýynyň gatlagynyň galyňlygy 2 müň 405 — 2 müň 409 metre deň. Guýynyň bir gije-gündizde eçilen başlangyç gazynyň möçberi 262,8 kub metre barabar bolsa, onuň kondensatynyň başlangyç çykymy bir gije-gündizde 11,0 tonna deň boldy.

Bu üstünlik Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ZJ-70-ДС kysymly buraw desgasynyň dag jynslaryny böwsüp geçmegiň hötdesinden gelmegi netijesinde mümkin boldy. Bu guýynyň taslamasy «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan ýerine ýetirildi.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.