Tagzym edýäs pederleriň ruhuna

4 Oktýabr 2024
384

Aýratyn ähmiýetli seneleri uly iliň agzybirliginde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, nesilleriň şeýle agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemez kada öwrüldi.

Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlikdir jebislik dürli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Geçen ýüzýyllyklaryň agyr bolan ýyllaryndan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň heläkçilikli tebigy hadysalaryň şehitlerine, Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna şirin janlaryny pida etdiler.

Ulugberdi HANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».