Güller dünýäsine syýahat

4 Oktýabr 2024
418

Hindistanda baýramçylyklar, toýlar, doglan günler gül bezeglerisiz geçirilmeýär. Mysal üçin, hindi toýlarynda gelniň we ýigidiň töweregine gül bezegi goýulmasa ýa-da gül ýapraklary ýuwulmasa, däpleriň doly ýerine ýetirilmeýändigini görkezýär. Bu gün okyjylary Hindistanyň meşhur ajaýyp gülleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmak isleýäris.

Lotos hindileriň milli güli hasaplanýar. Ynanja görä, hindiler bu täsin güle suwuň mukaddes güli hökmünde garaýarlar. Şeýle-de bu güle Hytaýda, Ýaponiýada, Müsürde, Şri-Lankada duş gelmek bolýar. Lotosyň hindi lukmançylygynda ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Onuň düzüminde ýüzüň ýygyrdyny aýyrýan ýag bar. Lotos gülüni suwuň ýüzüni, howuzlary bezemek üçin ulanýarlar. Bu gül iýul-awgust aýlarynda gülläp başlaýar.

Taýýarlan Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.