Uly baýlyga çenli...

4 Oktýabr 2024
579

Ozeola Makkarti 1908-nji ýylda Amerikanyň Missisipi ştatynyň Hattisberg şäherinde dünýä inýär. Ol ýönekeý maşgaladan. Ozeolanyň çagalyk arzuwy şepagat uýasy bolmakdy. Günorta Missisipi uniwersitetinde okap, bu ugurdan ýörite bilim almakdy. Ol ejesi, enesi we ýarawsyz daýzasy bilen bile ýaşaýardy. Şol döwrüň ýaşaýyş şertleri agyrdy, ujypsyzja pul bilen eklenmek kyndy. Ejesiniň ýetirinip bilmän kösenýändigini görüp, Ozeola 6-njy synpda mekdebi terk etmeli bolýar. Işe girmäge synanyşýar, ýöne ýaşynyň ýetmeýänligi sebäpli, ony işe kabul etmeýärler. Şeýlelikde, ol barly adamlaryň öýlerinde kir ýuwujy bolup işleýär. Gündelik zähmeti üçin ujypsyzja hak alýar. Bir gün Ozeola banka barýar we pul birikdirmek üçin öz adyna hasap açdyrýar. Ol her iş gününiň ahyrynda banka baryp, öz hasabyna gazanjyndan 1,5 dollar geçirip gidýär. Gündelik pul geçirimleri ýaş gyza ýaşan ömrüniň dowamynda endik bolup galýar.

Makkarti 75 ýyllap kir ýuwujy bolup işleýär. Hossarlary aradan çykansoň, daýysyndan miras galan köneje agaç jaýda ýeke özi ýaşaýar. Durmuşa çykmaýar. Ýyllaryň geçmegi bilen, ýurtda birnäçe banklar ýapylyp, galan banklara birikdirilýär. Ýapylan banklaryň pul hasaplary hem galan banklara paýlanýar. Ozeolanyň bankdaky hasaby hem başga banka geçirilýär. Bankyň işgärleri tarapyndan oňa hasabyny barlap, gol çekmegi duýdurýarlar. Ozeola syrkaw bolansoň, baryp bilmejekdigini aýdýar. Bank işgäri Pol Loglin ýyllarboýy gatnan müşderisini gowy tanaýardy. Ol Ozeolany soramak üçin hassahana gidýär. Günde kir ýuwmakdan ýaňa elleri ýygyrtlanyp, gurap, derisi soýlup giden müşderisini gören bank işgäriniň oňa nebsi agyrýar. Onuň hasabyny özi barlap görýär. Bank işgäri onuň hasabyndaky 250 müň dollardan gowrak puly görende haýran galýar. Makkarta jaň edip, bu habary aýdýar. Makkarti gelip, hasabyndaky pul möçberini görüp, gözlerine ynanmaýar, bärde bir ýalňyşlyk bardyr diýip pikir edýär. Bank işgärleri arhiwde ýygnalan bank hasaplaryny täzeden hasaplap, onuň, hakykatdan hem, Ozeola degişlidigini subut edýärler. Orta bilim almansoň, Ozeola hasabyndaky puluň näderejede uludygyna akyl ýetirip bilenokdy. Bank işgärleri bu zenana mundan beýläk işlemeli däldigini, toplan pullarynyň ömrüniň ahyryna çenli ýetýändigini düşündirýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maýagözel JEPBAROWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.