Täsirli geçen duşuşyk

4 Oktýabr 2024
407

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Müdirligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda bolan duşuşyga işçi-hünärmenleriň uly topary gatnaşdy.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokary götermäge ýardam etjek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä derejesine çykarmaga esas döretjek, türkmen halkynyň abraý-mertebesini äleme ýaýjak möhüm çözgütleriň kabul edilendigi dogrusynda täsirli çykyşlar boldy. Çykyş edenler taryhy maslahatyň çözgütleriniň ildeşlerimiz tarapyndan gyzgyn goldaw tapandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Gurbanmurat GELDIMURADOW,
Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.