Tols­to­ýyň saý­ty baýlaşdyrylýar

4 Oktýabr 2024
360

Be­ýik rus ýa­zy­jy­sy Lew Tols­to­ýyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan «tols­toy.ru» saý­tyn­da 2022-nji ýyl­da «Tols­to­ýyň sö­zi» bö­lü­mi ýo­la go­ýul­dy. Bu bö­lüm­de Tols­to­ýyň äh­li eser­le­rinden söz­le­ri we aň­lat­ma­la­ry göz­läp ta­pyp bol­ýar. «Di­gi­tal Hu­ma­ni­ti­es» teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň kö­me­gi bi­len «Tols­to­ýyň sö­zi» bi­lim çeş­me­si hök­mün­de bar­ha ös­ýär – sa­hy­pa­da tä­ze ma­te­ri­al­lar, söz­lük­ler we mag­lu­mat ki­tap­la­ry peý­da bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da tas­la­ma­ny dö­re­di­ji­ler saýt­da tä­ze mag­lu­mat­la­ry goý­ýar­lar.

Lew Ni­ko­la­ýe­wiç Tols­to­ýyň äh­li eser­le­ri­niň, şah­sy ýaz­gy­la­ry­nyň we bel­lik­le­ri­niň elekt­ron gör­nü­şe ge­çi­ri­le­ni­ne 10 ýyl­dan gow­rak wagt bol­dy. «tols­toy.ru» por­ta­ly­nyň tas­la­ma­sy AB­BYY kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýar­da­my bi­len L.N.Tols­toý adyn­da­ky döw­let mu­ze­ýi hem-de «Ýas­na­ýa Pol­ýa­na» mu­zeý mül­ki ta­ra­pyn­dan ýo­la goý­lup­dy. Şol dö­wür­de bu saýt­da «Tu­tuş Tols­toý bir ka­kuw­da» at­ly bö­lüm ýo­la go­ýul­dy. Lew Tolstoý 18 ýa­şyn­dan baş­lap gün­de­lik ýö­re­dip­dir. Onuň iň soň­ky ýaz­gy­sy ara­dan çyk­ma­zy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýa­zy­lyp­dyr. Hä­zir­ki wag­ta çen­li ýa­zy­jy­nyň 31 gün­de­li­gi sak­la­nyp ga­lyp, ol 5 müň sa­hy­pa­dan yba­rat­dyr. Gün­de­lik­leriň öl­çe­gi Tols­to­ýyň 6 ýy­lyň do­wa­myn­da ýa­zan «Uruş we pa­ra­hat­çy­ly­gy­na» ba­ra­bar. Tols­to­ýyň muş­dak­la­ry be­ýik ýa­zy­jy­nyň bü­tin öm­rü­niň do­wa­myn­da ýa­zan gün­de­lik­le­ri­niň do­ly ýy­gyn­dy­sy­ny, şeý­le hem beý­le­ki ýaz­gy­la­ry­ny bu saýt­dan okap bi­ler­ler.