Elekt­rou­lag ba­za­ry ös­ýär

4 Oktýabr 2024
338

Şu ýyl gib­rid­le­ri hem öz içi­ne al­ýan dün­ýä­niň elekt­rou­lag ba­za­ry, tak­my­nan, 22 gö­te­rim ýo­kar­la­nar. Gel­jek ýyl­da ýe­ne 23 gö­te­rim ösü­şe ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da «EY Glo­bal Mo­bi­li­ty Con­su­mer In­dex» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bar­lag­la­ryn­da bel­le­nil­ýär. Elektroulag bazary 2022-nji ýyl­da 37 gö­te­rim, 2023-nji ýyl­da 29,7 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy. 2024-nji ýyl­da do­ly elekt­rou­lag­la­ryň (BEV) sa­tu­wy­nyň 11,2 mil­li­on bolma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2022-nji ýyl­da­ bu gör­ke­zi­ji 7,4 mil­lio­n bo­lup­dy.

Şeý­le-de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar elektrou­lag sa­tyn al­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Ge­çen ýyl­ky 55 gö­te­rim bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 58 gö­te­ri­mi şu ýyl BEV ýa-da gib­rid sa­tyn al­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar sarp edi­ji­le­riň is­le­gin­de üýt­geş­me­le­riň bo­lan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. ABŞ-da aw­tou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­le­riň pa­ýy 60 gö­te­rim­den 50 gö­te­ri­me, şol san­da elekt­rou­lag sa­tyn al­mak is­le­ýän­le­riň pa­ýy 48 gö­te­rim­den 34 gö­te­ri­me çen­li azal­dy.