Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredýän, gurýan, bedew batly ösüşler bilen okgunly öňe barýan mähriban halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp garşy aldy. Döwlet Garaşsyzlygymyz indi 33 ýyl bäri ösüşdir özgerişlerden doly röwşen ýollarymyza, bagtyýar geljegimize nurly şuglasyny saçýar.
Ýurdumyzda halkymyzyň gadymy şöhratyna mynasyp işler bitirilip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalar ýazylýar. Hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli, dost-doganlyga, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan ajaýyp maksatlaryny beýan edip, geljekde ýerine ýetirilmeli tutumly işleri kesgitleýär. Güneşli Diýarymyzyň senagatynda, oba hojalygynda we beýleki ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, welaýatlarymyzda gurulýan, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly önümçilik desgalary, obalarymyzy, şäherçelerimizi, etrapdaky şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysallarydyr.