Ewe­rest da­gy ös­ýär

4 Oktýabr 2024
324

Ge­çi­ri­len tä­ze bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň iň be­ýik da­gy bo­lan Ewe­res­tiň her ýyl 2 mil­li­metr ös­ýän­di­gi mä­lim edil­di. Alym­la­ryň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, mu­ňa da­gyň tö­we­re­gin­de der­ýa­laryň täsirinden emele gelýän ero­zi­ýa­ se­bäp bol­ýar.

Ang­li­ýa­nyň Lon­don kol­le­ji­niň bi­ler­men­le­ri be­ýik­li­gi 8 müň 849 met­re ýet­ýän da­gyň nä­dip uzal­ýan­dy­gy­ny bil­mek üçin bar­lag ge­çir­di­ler. Ne­ti­je­de, mun­dan 89 müň ýyl ozal Ewe­res­tiň go­la­ýyn­da­ky Arun der­ýa­sy­nyň Ko­si der­ýa­sy bi­len bi­rik­me­gi ne­ti­je­sin­de bu se­bit­de ero­zi­ýa ar­typ­dyr. Der­ýa­lar bi­ri­gen­den soň­ra suw köp muk­dar­daky daş we top­rak gat­la­gyny sü­rüp äki­dip­dir. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýe­riň aşa­gyn­dan gel­ýän ba­syş Ewe­res­tiň beý­gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr.