28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen danasy» bäsleşiginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» we ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy we milli miras» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.
Garaşsyz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerini, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny edebiýatyň, sungatyň dürli ugurlarynda wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy özboluşly döredijilik baýramyna öwrüldi.