Ýasunari Kawabata
(1899-1972)
Ýasunari Kawabata ýapon halkynyň tanymal ýazyjysydyr. Ol 1899-njy ýylyň 14-nji iýunynda Osakada barjamly lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ömrüniň alabaharynda pajygaly ýagdaýda maşgalasyndan jyda düşen Kawabata 1916-njy ýylda mekdep-internata ýerleşýär. Mekdebi tamamlansoň, Tokio imperator uniwersitetiniň ýanyndaky «ilkinji ýokary okuw mekdebine» girmäge synanyşýar. Synaglary üstünlikli tabşyransoň, Kawabata uniwersitetiň ynsanperwer ylymlary fakultetiniň iňlis dili bölümine okuwa girýär. Ýaşlykdan üşükli, dogabitdi zehinli ýazyjy «Bungeýsunýu» atly edebiýat žurnalynda bitiren sansyz tagallalary hem-de ýanbermez yhlasy bilen, eýýäm döwrüniň adygan ýazyjylarynyň gözüne ilmegi başarýar.