Di­zaýn ha­kyn­da­ky naý­ba­şy ki­tap­lar

3 Oktýabr 2024
572

1. W. Runge. Dizaýnyň, ylmyň we tehnikanyň taryhy.
Birinji kitap. 2006

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwrebap dizaýn sungaty ähli ugurlar boýunça gülläp ösüşi başdan geçirýär. Soňky ýyllarda tutuş dünýä ýüzünde dizaýn sungaty arkaly uly özgerişler durmuşa geçirildi. Şol sanda Türkmenistan diýarymyzda hem sungatyň bu görnüşi günsaýyn ýokary ähmiýete eýe bolýar. Dizaýn sungaty boýunça ýokary ösüş şertleri halkymyzyň milli gymmatlygyny kämilleşdirdi we baýlaşdyrdy. Ol ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň ähli wajyp çäklerini giňeldip, adamzat durmuşyna berk ornaşdy. Bu babatda Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň alyp barýan giň gerimli işleri bellemäge mynasypdyr. Bagtyýar zamanamyzda her bir adamyň öz halan hünäri bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, hünärleriň esaslaryny, düzgün-kadalaryny öwrenmek üçin olaryň taryhy we nazaryýeti hakynda kitaplar, ylmy maglumatlar taýýarlanylýar. Döwrebap dizaýn sungaty bilen tanyşmak, ony düýpli öwrenmek we özleşdirmek üçin, kitap maglumatlary doly düşünje berýär.

Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby