Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular halkymyzyň görelde mekdebidir» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Manyly ömrüň agramly bölegini gerdenlerine atan il sylagly ýaşulularymyza, kümüş saçly enelerimize eziz Diýarymyzda uly hormat-sarpa goýulýar. Halkymyzda «Perzent edep görmese, edep görkezmez» diýlen dana pähim bar. Ýaşulularymyz ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Durmuşyň her bir ädiminde olaryň öwüt-ündewlerini diňläp, sala salmak, maslahat soramak halkymyzyň asylly ýörelgesidir. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, ynsaply, sözüne ygrarly, pähim-paýhasly ynsanlar bolup ýetişmeginde dana gojalarymyzyň, mährem enelerimiziň görüm-göreldesiniň, durmuş tejribesiniň ähmiýeti uludyr. Gözel Diýarymyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýaşy uly, göwni kiçi ýaşulularyň halkara gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Çünki olar öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi, mukaddes ojaklarymyzyň ýaraşygydyr.