Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda hususy ulgamyň işleriniň ilerlemegi üçin amatly şertler döredilýär. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna we bazarlarda haryt bolçulygynyň döredilmegine uly itergi berýär. Şunuň ýaly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan hususyýetçiler öz önümleri bilen ak bazarlarymyza çykýarlar. Ine, şeýle hususyýetçileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muzaffar Baratowdyr.
Ol Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy önümçiliginde «Titi» haryt nyşanly sowuk çaýlary hem-de miwe tagamly alkogolsyz içgileri öndürmek bilen meşgullanýar.