Ýaş zehinler kemala gelýär

2 Oktýabr 2024
407

Täze taryhy eýýam milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýokary derejelere göterilmegine şert döretdi. Bu günki gün ulgam buýsandyryjy ösüşlere beslenýär. Bu ugurda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň iň oňat däplerini ösdürmäge, halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklaryny dünýä çykarmaga mümkinçilik açýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary derejede ylym-bilim almagy, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, milli mirasymyza buýsanýan, pederlerimiziň asylly däplerine sarpa goýýan, olaryň pähim-paýhasa, ynsanperwerlige ýugrulan ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýärler. Ýurdumyzda medeniýet ulgamyny has-da rowaçlandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ata-babalarymyzdan däp bolup galan halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek, ýaşlaryň öz  zehinlerini açyp görkezmekleri, saýlap alan ugurlary boýunça barha kämilleşmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar.

Biz okadýan talyplarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Bu maksada ýetmek üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde zehinli ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda aýdym-saz sungaty boýunça bäsleşikler, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Indi ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen «Merdana nesil», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!» ýaly aýdym-saz bäsleşikleri ýaşlaryň tejribe toplamagynda, hünärine kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedir.

Begmyrat SEÝITNAZAROW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.