Türkmenistanyň Gyzyl kitaby – gymmatly kitap

1 Oktýabr 2024
375

Ýurdumyzda edebi-çeper, ylmy-resminamalaýyn, publisistik kitaplary, okuw kitaplaryny, gadymyýetiň dürdänelerini neşir etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ynsan paýhasynyň önümi bolan kitaplaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, şonuň ýaly-da milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen neşir edilen kitaplar aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň biri-de, ýakynda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabydyr. Has takygy, bu kitabyň 4-nji neşiridir. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üç gezek – 1995-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine Gutlag ibermegi onuň ähmiýetini hem-de gymmatyny aýan edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanan hazynalar çeşmesidir» diýip bellenilýär.

Arazgül NAZAROWA,
Darganata etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň usulçysy.