Düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ýaşulularyň halkara güni Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzda parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Şatlykly günde Änew şäherinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy. Medeniýet öýünde welaýat derejesinde geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekillerinden başga-da, welaýatyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdy.