Görelde mekdebi

1 Oktýabr 2024
339

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara gününiň baýramy adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli sene hökmünde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun alyp, ata-babalarymyza, ene-mamalarymyza bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Onuň many-mazmunynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pähim-paýhasy, watansöýüjilige we ynsanperwerlige esaslanýan durmuş ýörelgeleri jemlenýär. Bu baýram parasatly türkmen gojalarynyň, kümüş saçly eneleriniň döwlet berkararlgyny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, edep-terbiýeli, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaşlary kemala getirmek babatda bitirýän işlerine goýulýan belent sarpany alamatlandyrýar.

Ynsan ömrüniň her döwründe göwni dokundyrýan ajaýyplyk bar. Ýaşululyk döwri hem şonuň ýaly. Adamyň ýaşululyk çagy — onuň zähmet we durmuş ýoluna düşüp, okap, işläp, ýaşap ýetişdiren bagynyň miwelerine guwanýan döwri. Mundan başga-da, ýaşululyk — geçilen menzillerde toplan we yzygiderli baýlaşdyran tejribäňi ýaş nesle öwretmegiň, il-gün bilen paýlaşmagyň, täzeçe usullar bilen deňeşdirip, oňyn netijeler barada pikir alyşmagyň hem döwri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, türkmen halky ýaşuly nesle uly sarpa, beýik hormat goýýar. Bu Oguz han atamyzyň ýaşan döwürlerinden bäri dowam edip gelýär. Ýaşulusyna hormat goýmak, ýaşkiçisini apalap söýmek türkmen halkyny millet derejesine çykaran ýörelgeleriň biri. Şundan ugur alyp aýtsak, ýaşuly neslini sylaýan, hormat goýýan halk bagtlydyr, agzybirdir.

Selbi ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.