BAGTYŇ AÇARY

1 Sentýabr 2024
358

«Bagtyň açary nirede?» diýen sowala her kim özüçe jogap berer. Käbirimiz ony altyn açar, agaç açar, demir açar ýa-da çagalykdan aňymyza ornan Buratinonyň açary ýaly göz öňüne getirmegimiz mümkin. Çünki aňa ir dolaşan düşünjeler, ýadymyzda galan suratdyr keşpler indiki oý-hyýallara, pikirlere, çözgütlere gönezlik bolup, olara mazaly täsirini ýetirýär. Aslynda, bu sowal diňe şu günüň neslini däl, öten-geçen eždatdyr pederleriň hem pikirlerini gurşapdyr. Olaryň bu babatda dürli netijelere gelmeklerine itergi beripdir. Aý-günler we ýyllar, adamzat gatnaşyklary ol düşünjeleri paýhas eleginde üwäp, akyl terezisinde saldarlap görensoň, düşünjeler kämilleşip, agramly garaýyşlar aýyl-saýyl bolansoň, bagtyň açarynyň niredeligi aýan bolupdyr. Ýogsam, şol wagta çenli bu syr ýedi gat deňziň düýbündäki daşyň astyndaky sandykda saklanan döwüň jany ýaly, gaty pynhan eken. Şeýdip, bagtyň açarynyň nämeden ybaratdygy, düzümi, onuň nirede ýerleşýändigi we nähili tapyp bolýandygy hakdaky pikirler barha berkäp ugraýar. Şondan bärem, bu syrdan habarly adamlar, düzgüne laýyk hereket edip, bu açary tapmagyň hötdesinden gelipdirler. Geljegini, görjegini şol esasda gurupdyrlar. Ol açar demirdenem, agaçdanam, polatdan ýa misdenem, altyndan ýa kümüşdenem däl. Alymlaryň aýtmagyna görä, ol dört sany düzümden ybarat: aýdyň maksat, halal zähmet, mäkäm ynam we üznüksiz yhlas.

Maksatly adam – iň bagtly adam, ýa-da munuň tersine maksatsyz adam – bagtsyz adam. Ömre many we gyzyk çaýýan ilkinji zat – öňüňde aýdyň, anyk maksadyň goýulmagy. Ýerden saýlanyp duran kiçijik tümmek mysalyndaky maksat däl-de, uzakdan seleňläp görünýän dag kysmy beýik maksadyň bolmagy zerur. Maksatlar dürli-dürli bolsada, olaryň ählisi bir arassa asyldan gözbaş almaly. Şeýle hem niýetiň ýaýrawy näçe giň boldugyça, gelýän girdeji, ýetiljek sepgit, gazanyljak bagt barha ýaýraýar gidýär. Bir adamlyk, ýagny diňe özüň üçin niýet etseň, bir adamlyk, bir maşgala üçin niýet etseň, on adamlyk, bir oba, ulus üçin niýet etseň, ýüz adamlyk rysgyň oýanarmyş. Watan üçin niýet etseň, onuň üznüksiz sogabyny, bol-telki dowamyny we rysgaldan doly jogabyny adam aňy hasaplap hem bilmez diýilýär. Şonuň üçinem owalahyrda Watan bähbidini ileri tutan her adam «rysgally-döwletli» hasaplanýar.

Rahmet GYLYJOW
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.