«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda çuňňur ornaşýar. Saglyk — iň gymmatly baýlyk. Üýtgäp durýan daşky gurşawda bedeniňi sagdyn saklamak iň esasy wezipeleriň biri. Munuň üçin bolsa ilkinji nobatda, bedeni taplamak zerurdyr. «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — baş baýlygym» diýlişi ýaly, bedeni taplamak üçin bolsa kadaly iýmitlenmek, beden maşklaryny ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak wajypdyr.