Garaşsyzlyga belent buýsanjyň beýany

27 Sentýabr 2024
406

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Esasy dabara Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, oňa welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen, baýramçylyk dabarasyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, ol şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu ýerde edilen  çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanjakdygynyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Nursoltan Depbiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».