Şu ýylyň 19 – 20-nji sentýabrynda merjen paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärligine aýratyn öwüşgin çaýýan Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda eziz Diýarymyzyň oba hojalygynda gazanan ösüşlerini görkezýän sergi hem guraldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bellenýän günlerine utgaşdyrylyp geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk we olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Iwan KUZMIN,
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Gahrymany: